- güplemek
- işlik1) Çakdanaşa özüňi öwmek, öwnüp gürlemek, öwünmek.∙ Ojagyň başynda güplemegi kim oňarmaz öýdýärsiň? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Ýygnak, meýlise barsam, Boş güpläp gürlämok. («Tokmak» žurnaly)2) Batly degmek, güpbüldili seslenmek, ýykylmak.∙ Ol tüpeňini gaçyrdy, aradan salym geçmenke, özi hem güpläp gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Çyňlan top güpläp onuň arkasyna degdi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.